Hala isle, ha isleme
Seni ownuk saýan bolar ownuklar,
görmezlige salan bolar işiňi,
dilleşerler, adyn tutma, ulaltma
diýer olar uçgun görse gözüňde,
bu gorkynyň alamaty, nyşany,
ot bolarsyň diýip üýşener olar,
kiçijik adamlar kiçeltjek bolar,
ret eder, öz ýanyndan ullakan,
derejeli bolan bolar, döwletden
alyp bolýan zady alan adamlar,
galyp bolýan ýere galan adamlar,
hemem bilýän ejizligin, sebäbi
çynyny däl, aýdyp başga zatlary,
talabyna görä ýaşan zamanyň,
olar seni garşy görer ýamana,
saklajak bor, dändirjek bor ýagşydan,
niýetiňden, kimmişiň sen üýtgeşik,
ýöne muňa ýüzüň sallajak bolsaň,
ýa gowşatjak bolsaň badyňy çala,
gelmeli däl bu meýdana, bu ýola,
taýyn bolup gelinmeli dere bu,
dag ýoly bu, harsaň-harsaň daşlaryn
aýryp ýoldan, ýa aýlanyp ötmeli,
eglenmek ýok, ýok bahana gözlemek,
hudaý saldy, alajyň ýok bu işi,
hala isle, ha isleme, etmeli!