Eger
Eger sen özüňi ret etmeseň,
ret edip bilmez ejizlän döwlet,
tanky bilen türmesine daýanýan,
daýanýan beýnisiz nökerlerine,
dep diýleni depýän, atýan,
awy gatýan il aşyna höwesjeň,
aýdymçylar ýaly, bezenip gelip,
eger sen özüňi ret etmeseň,
öldürip bilerler, bilerler alyp,
goşgularyň guramadyk syýasy,
gadagan ederler adyňy, zadyň
agzamazlar gazetlerde, žurnalda,
eger nälet okamaly bolmasa,
ýöne eger özüň ret etmeseň,
belent başyň egip pesiň-pesine,
öldürip, ýok edip bilerler, emma
diri günüň suw sepmezler sesiňe.