Biziň ýalňyşymyz
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk. G.Ezizow
Biz hemmämiz ýalňyş üçin doguldyk,
ýalňyşmajak bolup, ýa-da ýalňyşsak,
boýnumyza alyp bilmän boguldyk,
emma nirä, haýsy ugra ugrasak,
durmuş ýalňyş, säwliklerden düzülen,
aýakýalaň çagalykdan bilýäris,
dyrnaklaryň döwüp, ýaryp başyňy,
tekiz ýerde büdürärsiň, awunyp,
aglasaň, ýer urup köşeşdireler,
a soň sepläp arkanymyz, üzülen,
eldäki däl, ýürekdäki, içdäki,
gitmeli biz, derýalardan geçmeli,
biz hemmämiz ýalňyş üçin doguldyk,
megerem ol durmuş süýdi, içmeli.