Päl
Seniň näme diýýäniňe
ne düşüner dogan-gardaş,
ne obadaş, şäherdeşler,
güni biraz gowy bolsa,
ýa görmese gelýän sili,
güwwüldisi gelen ilki,
pikir eder seniň günüň,
belki, erbet görnüşinden,
ýa isleýäň has gowusyn,
öz gowgaňa çekip ili,
öz oýnuňy oýnaýarsyň,
päl-niýetiň uly çenden,
soň gykylyk, gowga dolap
alar ili birujundan,
gujagyna gysyp, dolap,
aç entedip, büküp bilin,
emma olar özlerin däl,
günäkärler seni ýene,
heläk eder milleti päl.