Giňlik bereketi
Bir gün duza – müň gün salam,
berip bilseň, ýa berseler,
salamyň ber, al salamy,
git ýoluňa ýylgyr-da soň,
gowy pikir, gowy niýet
gün dek çoýar, içiňde doň,
gatan gary ereder-de,
gara pikir, gahar, gazap,
menzile däl, elter derde.
Emma adam bilip ýolda,
adam ýaly sözleşeniň,
iç döküşip, dert aýdyşyp,
derde derman gözleşeniň,
gepe gidip ýa bar bolşy,
gahar, kine bilen dyzap,
geldi diýip, belki, wagty,
agyz azatlygyn etse,
zat diýmeseň, gaty gitse,
gahar bilen, kine bilen,
deňine çen düşme gyzyp,
hem özüňe, hemem oňa
ýagşylyk et biraz ozup,
dyňzap gelen gaharyňdan,
bir gün duza – müň salam,
bereket tap naharyňdan.