Ýalňyz çykalga
Hudaý saňa beren bolsa el-aýak,
akyl hem huş, ýüzüň, gözüň nurana,
näme üçin gul bolmaly ugrana,
çem gelene özüň ýaly ölümli,
malyňy taladyp, taladyp ömrüň,
çagalaryň bilen ser-sepil bolup,
näme üçin işlemeli, gülmeli,
pagta ýygyp, pagtabazaň başlygy
akyl satsa, haýbat atsa, ogurlan
puly, maly depip, içine sygman,
aglamaly halyň edýärkä beter,
gülýärkä üstüňden öňýeten, dünýä,
bir, iki däl, ogry-jümriň ýokarda,
ulus-ili içden iýýärkä heder,
besdir diýmek, belki, ýalňyz çykalgaň,
ýeter, millet, ýeter, ýeter!