Içdäki gedaý

O birisi it-pişigi köçede,
ýa guşlary naharlaýar, artyk däl,
bol bolup däl puly, maly, pukara,
gara günde günün aýlap, geçinip,
bu birisi, döwlet başyna gelip,
garyby talaýar işleýän günde,
dynç almaýan her hepde däl, ömründe
çöregiň yzynda pyýada bolan,
tüpeňini diräp döşüne iliň,
TW bilen urup, guýlup başyna,
dawa salýar çagasynyň aşyna,
üstesine gowy, artyk, gahryman,
hudaýa sygynýar metjide baryp,
köşgi-eýwan gurup üsti-üstüne,
maşyn alyp, uçar alyp goşalap,
gämi alyp, gözi zatdan doýmaýar,
alyp giden ýaly özünden öňki,
ýetim ösen, garny nandan doýmadyk,
meger açlyk, içki gedaý goýmaýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024