Hany seniň alymlaryň?

Hany seniň alymlaryň, agabeg,
hany seniň žurnalistiň, ýazyjyň,
hiç adamy gepletmedik, ýeňilmez,
senzuranyň arkasyna dulanyp,
galkan edip gara güýji öňüne,
gylyç edip türmesini, tüpeňin,
hökümeti süren pikire garşy,
soraglara garşy, jogapsyz galan,
imperiýa, alymlaryň nirede,
ylymlaryň doktorlary, kandidat,
ýa nadara žurnalistler sürüsi,
pitjiň atýan gyrylana, urlana,
içinden birisi gürlejek bolsa,
neden turup gorap, durup bileňok,
aýdanlaryň bary diýlende ýalan,
ýa-da ýaşryk, bor-bolgusyz, delilsiz,
sen näme üçin galdyraňok başyňy,
hany kelläň, içi akyldan doly,
ýa ol öňem, ozallaram ýokmudy,
ýazdyrýarkaň bile-göre tosladyp,
taryh diýip ertekiler toplumyn,
hakyna tutulan alymlar bilen,
atly bolup, batly bolup galjakdyň,
hany, adyň nirä gitdi, agabeg,
öňki badyň nirä gitdi, agabeg,
hiç kimsäni gepletmedik, diýdimzor,
ýa internet ýaşmak dakdy agzyňa,
ýa haýynlyk etdi seni hary-zar?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024