Surat

Millet ölýän bolsa...

Adam pahyr, hawa, naçar, çäresiz,
çekinýär ol, ýüşenýär ol, gözünde
gorky ýatyr, umman ýaly çyrpynyp,
çünki bilýär, ýollar agyr, gidenler
aňsat-aňsat dolanmaýar yzyna,
ýa-da gelýär bolup öňküden beter,
dogry, uruş, gykylyk ýok, arassa,
dury asman, emma içinde heder,
adamy ýüp, arkan salman güýlüpdir,
kökeripdir, çökeripdir, bir ýyl däl,
näsin aýdýaň, zürýadyny gorasa,
durup bilse çagasynyň yzynda,
arkasynda, döşün gerip ajala,
gorkusyndan ony öňüne tutman,
näsin aýdýaň, adam bilse ýuwutman
kemsitmäni, soňy gelmez sütemi,
dursa erkek aýalynyň yzynda,
dursa aýal erkeginiň yzynda,
dursa dogan doganynyň yzynda,
dursa alym, okuw okan wagtynda,
dursa düýnki beýik şahyr, ýazyjy,
žurnalistler, baýrak alan, edenli,
ministrler, sansyz emel ýetenler,
biri-birin satman mugtuna, alla,
barmajakmy ene-ata çagasy
ýat illerde hassalanda, galanda
ýat toprakda mazar bolup hossarsyz,
öýünde oturyp, aglaman sessiz,
kim başarsa, güýji ýetse, turmajak,
kim başarsa, uranlary urmajak,
sen kimmişiň, nirde bolduň bu çaka,
ne ýüzüňe dil uzadýaň, dyzaýaň,
deňeşdiren bolup o biri bilen,
deňeşdiren bolup bu biri bilen,
mysal edip özüň, edermen, batyr,
millet ölýän bolsa, sebäbi bardyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024