O birisi we töhmet
O birisi, irräjik, öň,
agentlikde aýyplanan,
her zat diýip töhmet atyp,
il diýene taýak salan,
üstesine özün asyp
asmandaky ýyldyzlardan,
hüjümçidi çözmän düwün,
çigişdirip, garyp ýalan,
tapyp ahyr özi ýaly
bihaýany, nadarany,
goranmaly boldy bu gün,
elde-aýak, saçyn ütüp,
indi ol däl, adyn tutup,
töhmetçimiş agzyn açan,
meger şundan diýýär hudaý,
kowalan hem gorkup gaçan.