Gundalan halk
Dogry sözliň bolmaýnyn dostunyň
başgalaram bilipdirler, elbetde,
ýöne türkmen ilki bilen bolmaly,
şonuň üçin sözleýär ol ýalany
kynçylyksyz, çigit çigitlän ýaly,
hem gelmeýär golaýyna çynçynyň,
urulyp, sögülip, kowulyp ýören
obasyndan, şäherinden, ýurdundan,
goý, ýaşaýyş bolsa bolsun gözgyny,
ýatmaly bor döwlet ýat diýse gundap.