Surat

Milletiň ugy

Eger seniň sözüň bolsa aýdara,
sözüňi diý, eger diýmek isleseň,
islemeseň diýme, çykarma sesiň,
ýöne pikir etme diýsem, diýmesem
näme diýer diýip iller, hökümet,
döwme özüň çekiç alyp sandalda,
abat ýeriň goýman, ses çykmaz ýaly,
uly tupan, gaý-harasat gerek däl,
kinniwanja deşik batyrar saly,
suwuny susaklap, dökmese biri,
goý köplüge gybat etmek hukugyn
däli diýsin, tentek diýsin, gülsünler,
gülmesinler, bu adamyň hukugy,
eger seniň sözüň bolsa aýdara,
aýt ony, söz bor milletiň ugy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024