Surat

Syýahat

Bu bir seniň syýahatyň,
galam alyp, çyksaň ýola,
ilim diýip, bir özüň däl,
hem seniňki däldir diňe,
şondan köp bor çeken yza,
el bereni urup, ýenjip,
hoşal bolup çökseň dyza,
ýa gygyrýan haýyn diýip,
pikirdeşiň gorkuzarlar,
gorkuzarlar iliňi seň,
agyz salman, başyn iýip,
dogan-gardaş titr-titr,
pikir etme duran, dyman,
syýahatdan edip heder,
aman galar çykman ýola,
bu milletiň syýahaty,
baksyn saga, baksyn sola,
gutulmak ýok busup, osup
öz göwnüňe bar barlygy,
sen bir adam, iki ýa köp,
itip ilden dar darlygy,
gysyp-goran içden, daşdan,
ýüze sylyp dogan güni,
ýa hoşlaşyp şapak bilen,
gatalt etiň, gözýetimiň,
geçip barýar aglan, gülen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024