Bilerler
Seniň näme soraýanyň bilerler,
düşünerler näme isleýäniňe,
soragyňy berip bilseň wagtynda,
aýdyp bilseň islegiňi, niýetiň,
goşgy ýazyp, kyssa ýazyp, parhy ýok,
surat çekip, aýdym aýdyp, saz çalyp,
ýa gygyryp köçelerde, meýdanda,
görer millet görmezlige salsa-da,
biler döwlet bilmezlige salsa-da,
belki, seni öldürerler arkaňdan
pyçak urup, ýa zäherläp günaşa,
ýa elleri ýetmän, salgarlar eli,
öz-özünden sowulmazmy, susmazmy,
ýa sögünip, samsyk bolmazmy diýip,
seniň kimi goraýanyň bilerler,
ýa gülerler dymsaň özüňi iýip.