Rus anekdotynyň äheňinde

Sorapdyrlar Amanowdan:
"Niçik durmuş, ýaşaýyşyň?”
Diýipdir ol: "Örän gowy!”
"Barmy ýetik mal-emlägiň?”
“Ýok ýekeje towugym-da.”
“Barmy maşyn ýa motoryň?”
“Ýok, pul ýetse, tigir aljak.”
“Barmy biraz süýşüreniň?”
“Ýok, bar bolsa, garaşjakmy?”
“Walla, nätdiň, iň bolmanda
TW beri barmy sende?”
"O bolmasa, men nireden
beýle bagtly boljak günde?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024