Däp we erkinlik
Men ilimiň saçagyny sylaryn,
düýeýüňden bolsun, bolsun ýönekeý,
pişmesini, çelpegini sylaryn,
tamdyr çöregini sylaryn iliň,
ojagyny, ody öçmesin diýip,
gül gyzlaryň, gelinleriň, eneleň
el işlerin, yhlasyny sylaryn,
keşde gaýan, jähek eden elleri,
läle kakan, hüwdi aýdan dilleri,
sylaryn men halysyny ilimiň,
kilimini, keçesini sylaryn,
men ilimiň düýe malyn sylaryn,
men ilimiň goýun malyn sylaryn,
men ilimiň atlaryny sylaryn,
nirelerden alyp, nirä getiren,
gara öýün, ak öýlerin sährada,
düýä münüp, bukulmadyk hataba,
men ilimiň guýularyn sylaryn,
sylaryn men kärizlerin ilimiň,
ýöne iliň däp-dessury, senedi
tanap bolup birleriniň elinde,
ýa-da bolup dar agajy, asmaga
agzyny açany, aýdany sözün,
ne saçagy, ne halyny agzyma
dykdyrasym geler, görsem-de gowy,
ne atlary, ne telpegi, tahýany,
ne keteni köýnek geýen gyzlary,
baýdak ýaly gelinleri, ýaşynan,
görer gözüm, eger erkim bolmasa,
ne dutaryň, ne gyjagyň owazyn,
ne-de tüýdük sazyn eşider gulak,
çapadydan doýur ýa-da doýurma,
etme däbi bula-bula, ber gula.