Gülýän adam

Din-imansyz adamy sen
hudaý bilen gorkuzmarsyň,
gorkuzmarsyň dowzah bilen,
gülküsini tutdurarsyň,
hahahaýlar gowzap bilmän,
oýun edýän adamy sen,
oýun bilýän ähli zady,
hem oýnaýan hezil edip,
garradykça gaçman bady,
gorkuzmarsyň çynyň bilen,
gülküsini tutdurarsyň,
gyrma diýer içim gülüp,
diýseň saklan, utdurarsyň,
utdursa-da gülki bolup,
gülki edip ogul-gyzyn,
tire-taýpa, halkyny-da,
din-imansyz adamy sen
hudaý bilen gorkusmarsyň,
gorkuzmazsyň alla bilen,
öz erkiňi berseň bilmän,
nätsin gülmän aldap alan?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024