Surat

Gowy adamyň sylagy

Sen bir gowy adam, dogry,
ile-güne gelýär haýpyň,
hem özüňe gynanýarsyň,
hökümetden ýeňlip, sürlüp,
sürgünlerde süýrelip kän,
ýöne bolsa, açyp dükän,
mätäç iliň gelse diläp,
nesýe berjek bar harydyň,
geljek ýylyň hasylyna,
gurak gelse gelsin ýyllar,
haryt näme, elden gelse
aýy alyp, paýlajak sen,
ýagtysyny, nurun bölüp,
ýüreklere, gara günli,
ýöne baryň berip, paýlap,
pikir etme, sylanarsyň,
iň bolgusyz, iň näkesiň
agzy bilen dalanarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024