Surat

Durmuş we sen

Robert Frostyň äheňinde

Sen durmuşdan öwrenersiň köp zady,
iň möhümi - durmaýar ol, ýöreýär,
geçýär agyr, ýeňil, aralyk käte,
dowam edýär ýolun diýseň-de durmuş,
Garagumda, dag-deňizde, sährada,
ýagyş ýagsyn, gül-gülälek açylsyn,
epgek össün, ýalyn össün, gar bassyn
gara köýük bolan takyry, düzi,
saklanmaýar, säginmeýär bir minut,
duran ýaly görünse-de kämahal,
hem hiç kime aldatmaýar özüni,
näme diýsin, näme etsin adamlar,
baý bolsunlar, garyp bolsun, parhy ýok,
beg bolsunlar, emri ýetýän barlyga,
geçer durman, baky ýaly bolsa-da,
göräýmäge şol bir tizlik, şol bady,
ýöne sen geçersiň, ol galar yzda,
belki, şunuň üçin durmuş oň ady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024