Ýaşuly nesil
Bize garşy duran ýaşuly nesil,
birleşenler tire-taýpa dawasyn,
gowgasyny goýup gyra, eserdeň,
sak duranlar, kitabymyz çykarman,
kyssa ýaszak, gussalymyş çen-çakdan,
goşgy ýazsak, barmyş syýasy ýalňyş,
belki, bizi ýaralandyr ýaşlykda,
azaldandyr hatarymyz, bu dogry,
ýöne özlerini ýok etdi üýşüp,
bizi edip bilmän ýalançy, ogry,
partiýanyň el-aýagyn ogşaşyp,
öz-özlerin aýagasty etdiler,
soň gitdiler yz-yzyna tirkeşip,
bosgunlykdan başga ýere, has uzak,
meger, artyk bäsleşik ýok durmuşa,
bizden gözel ýurdy gabanan nesil,
sag bol, sapak berdiň, ölme sen, ýaşa!