Surat

Uly toý

Sen adamy mör-möjekden gorarsyň,
goranar ol peşehana tikinip,
suwdan, silden, ot-yssydan, sowukdan,
ýylgyn çapyp, gamyş çatma dikinip,
gazy gazar, mal bakynar, mal ýaly,
öz-özüni werdiş edip zähmete,
gorajak bor çagasyny, özüni,
el-aýagy daňylmasa, ýesir dek,
aç galmasa gurda, guşa şam bolmaz,
maýmyn eder aldap peleňi, pili,
öz erkine oýnamaýar hiç jandar,
ýöne sen adamy gorap bilmersiň,
uly toýdan, bir-birinden, dogrusy,
o biriniň isleginden, nebsinden,
düzüwinden güýçli bolup ogrusy,
ezer olar biri-birin gaýduwsyz,
ozaly beýnisin, aňyny ýuwup,
aýagyna düşek eder başarsa,
ýorgan edip ýapynarlar adamy,
sowuk gyşda çolanan dek, hamala,
gyryp-gyrjap ýaragsyzyn, naçaryn,
gahryman bor ganojaklar, partiýa
alyp barýar diýip ýagty geljege,
diýmek, oňa garşy çykmak bolmaýar,
diýmek, ony goldamaly ikelläp,
goşgy-gazal, oda ýazyp şanyna,
ulanmaly eger bar bolsa kelläň,
bolmasa, mal bakyp, gowaça ekip,
saçyň sübse, kesewidir elleriň,
çagalaryň okuw, kitap görmezler,
a görseler, düşünmezler o kitap
kimiň gözi bilen ýazylan, çykan,
kimi kime gul etmekde niýeti,
sebäbi bu ullakan toý diýerler,
tans etmeli garyp-gasar bezenip,
o birisi çelpek ýaýsa beslenip,
beýlekisi ýagly çörek ýapmaly,
eger biri galat diýse bu oýun,
üýşüp gelip, göz agyny iýerler,
sen adamy ýel-ýagmyrdan gorarsyň,
goramarsyň partiýadan, birleşip,
adamyň kastyna çykanda adam,
olar muňa diýer uly tomaşa,
goşulmasaň borsuň keseki, ýadan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024