Surat

Ýykylan imperiýanyň hüňürdisi

Sen pagta ýyg, gepleme,
sen bugdaý ek, gepleme,
sen, git, çykar nebit-gaz,
a sen git-de sygyr bak,
süýt-gatygy kem etme,
hemem asla gepleme,
a sen çölde goýun bak,
100 goýundan 100 däl-de,
110 guzy almaly,
et-ýag bolsun, ýüň bolsun,
emma gürrüň bolmasyn,
guýy gazýan guýy gaz,
kem bolmasyn suwy hiç,
kömürmi ýa başga zat,
gazyp alýan diýmän giç,
işin etsin geplemän,
dynç alanda gazetler,
radio ýeterlik,
aýdar gerek zadyňyz,
gep-gürrüňi duşmanyň
gaçyrmasyn badyňyz,
hiç ynanmaň, zulum däl,
sütem däldir bu durmuş,
mejbur edýän ýok ili,
öz päli özün urmuş,
bolsa ezip bir-birin,
alkyş aýdyň partiýa,
ölmän galsaňyz diri.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024