Surat

Ogulgerek halky

Gyzjagazlar ýorgan-düşek galdyrar,
gyzjagazlar saçak ýazar, ýygnar soň,
gap-çanagy ýuwar olar, suw çekip,
içerini süpürerler, gül ýaly,
daşaryny süpürerler, gül ýaly,
gerek bolsa, aýlanarlar mal-gara,
towuklara iým bererler, soňundan
iş ederler nahar-şory ataryp,
tikin tiker gyzjagazlar, edaly,
keşde gaýar, haly dokar ýaşlykdan,
gözleriniň kökün gyrar çagalar,
bekemedik billerini bükerler,
tur-oturdyr, kersen getir, äkitdir,
kir ýuwarlar, ütüklärler köýnegin,
balagyny, oglan dogan sorasa,
soramasa, işi ýaly aýlykly,
el-aýakdyr, hassalana sereder,
eger öýde gyzjagazlar bolmasa,
öý öý bolmaz, ýel öwüsýän deredir.

Gyzjagazlar, enesiniň mydary,
gyzjagazlar, atasynyň mydary,
diregidir hojalygyň kyn günde,
el hünäri alyp çykar, obany,
şäheri däl, bütin ýurdy tahýaly,
köýnekli, balakly, donly etmeli,
ýa-da haly düşemeli diýseler,
ýurdy ýykan ikiýüzli jemendä,
ýa diýseler: göz degmesin, alaja
örüp getir maşynyna, atyna,
ogrularyň, bary başy aýlanan,
eder olar, çäresi ýok, naçardyr,
näme diýse saýlanmadyk, saýlanan.

Gyzjagazlar, çepiksije, naşyja,
gelin bolar, eje bolar haý diýmän,
üstünlikden gözi-başy aýlanyp,
neşe çekip, arak içip öleniň,
oglan bolup, erkek bolup, hamala,
belki, bilmän gidenleriň gelenin,
nirä ýa-da näme üçin, gyssanmaç
boşadan ornuny doldurjak ýaly,
gelen ýaly dünýä ýazykly, asy,
çül-çagany tirkär olar yzyna,
göýä iliň guma gaçan gupbasy...

Gyzjagazlar, ulugyzlar, gelinler,
aýallar, eneler, ýüzüne urlan,
doglan güni gyz gerek däl diýilip,
oglan gerek diýip, eger-de taňry,
sorap berse, gyz almajak birisi,
başyna täç, naçarlaryn kemsidip,
meger, ölmez, gülmez edýär dirisin,
dogulanyn gorkuzylan aýaldan,
oglan bolsun, erkek bolsun görmäge,
gorkup ýaşan ömür içinde aldan,
arwahlardan, çagalykdan ýoldaşy,
adam bolmaz ezileni emen är,
gorky bolan mydam iýeni, aşy.

Haýp, hakyn sorap bilmez, ýaşmakly,
gara güýje başyn egip ýaşaýan,
suw daşaýan elek bilen han üçin,
naçaryna el galdyrýar, edenli
erkek bolup, telpek geýip başyna,
awy gatýan aýalynyň aşyna;
haýp, şeýle ogullary dogurýan,
arlygyny ýuwup, emdirip günde,
adam edýän enelere hüwdüläp,
ogulgerek milleti bu, özüni
aldan bolar sepip üstüne gülap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024