Surat

Gybat

Gybat, saňa ýadygärlik dikmeli,
ulus-ili ýesir alan ýekeje
kesek atman, top-tüpeňi goýaly,
öz-özüne garşy goýup milleti,
ýeke adam goýman abat ýa düzüw,
ýerde-gökde goýman, taryplap pesi,
ylym, bilim, mekdep, kitap gerek däl,
gerek diňe başa çykan pulmesi,
gerek diňe iň ýuwany bagşynyň,
goý, düşünen ýatsyn kellesin tutup,
kime derkar azaplary ýagşynyň,
gyşyn-ýazyn el-aýagy gabarçak,
ekin eken, tikin tiken, mal bakan,
ýaşamasa ýaşamasyn idili,
gybat, saňa ýadygärlik dikmeli,
öňe barýan ylgap, täze kedili.

Ýa oturdyp bedew atyň üstünde,
ýa tigirli, tekerleri altyndan,
ruluna dolap alaja, pylan,
gybat, saňa ýadygärlik dikmeli,
Pyragynyň heýkeliniň ýanynda,
has ullakan, asla gaýgyrman puly,
hem ýazmaly aşagynda şeý diýip:
gerek diňe gara niýet, bet pygyl,
goý, hiç kimiň güni, aýy ýetmesin
ýaşamaga adam ýaly guwanyp,
begenip her dogan güne, güllere,
açylan, açyljak wagty gelende,
diňe işin edýän, gybat etmeýän,
ejesine sögmän biri-biriniň,
bizden däldir, ýatdyr, ruhy gende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024