Adamyň päli
Göwnüň açyk, saçak ýaly, ynansaň,
adamyň päline haýran galmaly,
niýetine haýran galmaly, birden
hopugýarsyň görseň için tötänden,
gepi, sözi açyp berse kartasyn,
kim bolsaň bol, häzirlikçe guwanjak,
ýöne ertir, bilip bolmaz, ne boljak,
birden söweş ýeňiş bilen sowulsa,
taýýarlanýar, garalajak, ýok etjek,
adamyň päline haýran galmaly,
şeýle höçjet, walla, düzelmän ötjek.