Göwün meselesi
Öz göwnüňe ossaň mydam,
hemem göwnüň gowy bolsa,
ýalňyşarsyň käte gaty,
ýa-da erbet bolsa göwnüň,
eşek bilip bedew aty,
adamlary, gowy, pespäl,
ýigrenersiň bolup müňkür,
ýa-da asyp özüň gökden,
biraz öte geçersiň sen,
päl-niýetiň, belki, bilmän,
zäher edip içersiň sen.