Şahyr sürüsi
Ýadymda, ýazyjy, şahyr sürüsi,
ýokarda partiýa, aşakda millet,
aralykda gün görmeli, ýazmaly,
bolan bolup ile ýaran, elbetde,
açyk aýdyp durmasa-da, köpüsi
ýigrenerdi Kerim aga, deputat,
ugrun tapýar diýip halkyň, häkimiň,
Gurbannazar gitdi diýip ýaşlykda,
goşgularyn öwerdiler hor bolup,
indi-indi düşünýärin, gözgyny,
çorbanyň çorbasy bolup ýaşana,
üstesine gorky, çykmajak içden,
ýadymda ýazyjy, şahyr sürüsi,
diýip bilmän geçen giç ýagşy hiçden.