Meseläniň köki
Meseläniň köki mydam
mende, sende, onda, oglan,
meni, seni goýup gyra,
ýuwan bolup onuň ýüzün,
o birlerin urup, kowlap,
ýa biz gowy, olar erbet,
galyň diýip, salyp dowla,
çözüp bolmaz hiç mesele,
gowusy, gel, em gözläli,
bilelikde şu kesele,
nirededik özümize,
öýümize gelýänçä ol,
ajal ýaly, gapy kakman,
maňa, saňa, hemem oňa
näme boldy, ýa biz akmak,
ýa-da neden bolduk sada,
meseläniň köki mydam,
alla, hak däl, diňe adam,
niýetine eşek bolan,
il diýilýän ýata suwa
näme bolar zyňsaň badam,
ýa-da alma, içi çürük,
suw çalaja tolkunan bor,
hatda item turmaz üýrüp...