Surat

Pesiň we mesiň ýagdaýy

Her bir adam öz ömrüni ýaşaýar,
her bir haýwan öz ömrüni ýaşaýar,
gowy bolsun, erbet bolsun, çekilmez
derdi bolsun, derman tapsyn, tapmasyn,
ýakynlary alsyn daşyny gallap,
ýa egissin derdin ýorganda aglap,
başga bolýar başgalaryň gaýgysy,
düşünjek bolsa-da derdine onuň,
düşünip bilmeýär, sebäbi agyr
synag baryn iberermiş ýaradan,
çekjeklere, begenmeli bu söze,
arslan ýaly duýup özüňi, belki,
her bir adam öz ömrüni ýaşaýar,
kimi iner, kimi böri ýa tilki,
sen onuň köwşüniň degýän ýerini,
ýa-da daşyn içindäki owunjak,
eger-eger bilip bilmän geçersiň,
düşünmersiň bilseň, çeken derdine,
düşünen bolsaň-da baş atyp, pylan,
iň gowusy, kimse ejir çekmesin,
tyg ýarasy, söz ýarasy ýeterlik,
iň agyry, meger, ýagdaýy mesiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024