Alla kimi goramaýar?
Näçe ýakyn bolsa ybadathana,
şonça uzak ýaradandan diýleni,
adam alla diýýär, ýöne taýakly,
kän sylaýar goýun ýaly güýleni...
Näme bolmaz ýola çyksaň, hatarly,
näme bolar busup ýatsaň duluňda,
garyplyga çäre tapman, jowranyp,
ýurdy ýykan kim boldy ýa bolmady,
goramasaň mertebäňi, owranyp,
paltasyz çapylsaň, ýakylsaň otsuz,
basyp alan nämeleri etmejek,
basylanyň boýun alsaň ýylgyryp,
alajym ýok, güýçli diýip duşmanym,
öz-özüň öldürseň gaharyň, aryň,
alla seni nädip gorasyn, hanym?