Satlyk dostlar
Saňa näme töhmet atsa hökümet,
ynanasy geler ýakynyň, ýadyň,
belki, bolman goramaga ýagdaýy,
ýa islegi, 150 ýyl alaçsyz,
mertebesi üçin göreşseň, dursaň,
utanmaga derek ýüzüni tutup,
seni gömüp, çykjak bolýan mamysdan
ýazyjy-şahyrlar, oýnuňda utup,
bilip bilmän käte gülmeli nämä,
syrtlanlaryň sürüsinde şir awlap,
aglan güni çagyran bor bir gämä,
bolsa deşjek ähli gämiň düýbini,
özi barmy, ýok içinde, garamaz,
eger seni köpläp alsa hökümet,
satlyk dostlar hiç bir derde ýaramaz,
ýöne seni günäkärlär, garalar,
hatda bolsa, ölüp-ýitip, ýaralar.