Surat

Hakyky ýoldaş

Pälim bolsun ýoldaşym, dat,
päliň bolsun ýoldaşyň, dat,
niýetimden gutulmaýyn,
gutulma öz niýetiňden,
pikiriňden, erbet bolsa,
ýa meniňki, sypdyrmaz ol,
nirä gitsem, gaçsaň nirä,
aýanmyş bu ölä, dirä,
diýipdirler könelermiz;
belki, ýokdur ýaradan, hak,
bolan däldir hiç bir taňry,
ýa-da alla, hudaý asla,
baýa berýän, itip aňry
garyp-gasar, utulany,
dogry bolup tutulany,
ýöne adam ýüreginden,
niýetinden gutulmaýar,
eşek bolýar, ejiz bolsa,
gara nebse, gaňňasyz hiç,
namart bolsa adam ogly,
geçjek bolýar öňe dyzap,
tutjak bolýar günüň öňün,
men bolmaly, men galmaly,
sen ölmeli diýýär diňe,
muny bilmek, görmek üçin
ýok derkary bakmaň siňe,
çakgyň çüýi edip gözüň,
pälim bolsun ýoldaşym, dat,
päliň bolsun ýoldaşyň, dat,
diý-de çekil, ýele gitse,
tüýs ýürekden diýen sözüň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024