Ýylan döwlet
Sen ilki ejemi çakypdyň, ýylan,
ýüregini tutup, jan berdi, pahyr,
awy-zäheriňe çydaman, gözi
ýolda galdy hatda agaç atynda;
soň meniň kakamy çakypdyň, ýylan,
kyrk alty ýyl eden işin sylaman,
mekdebine baryp, gelmesin diýip,
güldürdiň duşmana öwrülen dostum,
kärdeşlerim, içigara, ýaşmakly,
küşgürdiň, zäk ýaly, açyldy dili,
indi asla dannawyň ýok, saýlaňok,
bir uçdan, baý, garyp, çakýarsyň ili.