Ak-gara meselesi
Sen adama düşündirip bilmersiň,
ak ýa gara däldigini hiç kimiň,
siňe baksaň, aýna ýaly adamlar,
sözi, işi, ykballary her hili,
ýagdaýyna görä ýaşajak bolar,
ýaşar, belki, ýüregine göräräk,
ýalňyşan bor, düzeden bor ýalňyşyn,
başarsalar, düşünseler wagtynda,
ýa-da gorkup, ýene ederler ýalňyş,
sen adama düşünidirip bilmersiň,
kim bolsaň bol, ýa kim bolsa bolsun ol,
sen nireden barýaň, ol nirden gelýär,
ýa-da näme, nädip duşurdy ýolda,
eger ara açyk bolsa çen-çakdan,
biri böler bar barlygy ak-gara,
a beýleki gorkar, çekiler akdan.