Surat

Ýok hakykat

Larisa Milleriň äheňinde

Hakykat bir, täk, ýekeje bolmaýar,
hatda gün dek ýalňyz bolsa-da käte,
mysal üçin, öldürmeli däl ynsan,
özi ýaly adamy ýa haýwany,
bilýär muny iýjek, diýjek agyzly,
garaýyş bar, nukdaý nazar, pikir bar,
ähli bolan, indi boljak zatlara,
gowy nazar, erbet nazar, bigäne,
janly nazar, göni nazar ýa gyşyk,
o birleri gyýa bakar bar zada,
beýlekisi görmez burnundan aňry,
sorarsyň içiňden: Jogap ber, dünýe,
kim bilýär, nirede hak ýa hakykat?
Diýer ol: Bilmedim, haýsy tarapdan,
seredýäň hem neden dakjak bolýaň at?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024