Surat

Içi güjükli gatnaşyk

Gezip ýörseň aman-esen,
diňe gep däl içi güjük,
daşy pişik, myr-myr diňe,
telefonam geler käte,
o birini soran bolup,
bu birini soran bolup,
telefony gerek, pylan,
aý, kakamyň dosty, salam
aýtsaň dýidi, obada ol,
sen diýersiň: bilemok men,
gatnaşygym ýok, beýleki,
sypaýyja gutuljaksyň,
emma goýmaz, ýene bir gün
soran bolar başga birin,
ýa pikiriň o birisi
eýle diýdi, beýle diýdi,
gep gerekdir, düşünersiň,
goýaly bu gürrüňleri,
ne wagtym, ne islegim bar,
diýersiň-de hoşlaşarsyň,
gaty-gaýrym diýip durman,
emma ýene jaň geler kän,
almasaň-da, yzyn kesmän,
pikir geler: düzüw däl-ow,
herhal ýene müňkürlikden
saklanarsyň, güman erbet,
soňra görseň tanyş nomer,
açman oňup telefonyň,
ýitirmejek borsuň wagtyň,
a soňundan, bizar etse,
petiklärsiň, besdir-eý, git,
ara düşer biraz salym,
soň başgasy, başga ýurtdan,
başga sorag beren bolup,
öwen bolup işiň çala,
berip akyl-maslahatyn,
sümjek bolar aralyga,
gamça basyp arryk atyn...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024