Adam we ýigrenç
Düzüw bolsa, adamy sen
näme üçin ýigrenmeli,
ýa dogruçyl bolsa biraz,
ýa agramly bolsa sözi,
saňa görä göze gelýän,
ýa sylanýan il içinde,
gelmese-de ýüzüňe seň,
kän bolmasaň ýolda ýoldaş,
bir şäherde, bir ülkede
ýaşamasaň bile uzak,
ýek görmeli birin neden,
eliň ýetse, urup, çalyp,
diliň ýetse, sürtüp gara,
sen näme üçin başga birin
ýigrenmeli beýle gazap,
erkiň ýetmän öz-özüňe,
däli ýaly, çekip azap,
horlamaly özüňi sen,
neden gowy bolsa başga,
ýa ýigrenip mugt, keýpine,
gowumy duruzsaň daşda?
Düzüw bolsa, adamy sen
näme üçin ýigrenmeli,
ýa ynsaply bolsa biraz,
belki-de ol päsgel berýär
aldamaga öz-özüňi,
düzüw adam bolan bolup,
bolan bolup dindar, pylan,
şondan, meger, gowuragy,
ýok edýärler bolup ýylan.