Güýçli bolsaň
Başgalara ýaşamagy öwretme,
özüň ýaşa, bilseň eger ýoluny,
öwretme sen tämizligi, päkligi,
bir gün ýanyň ýere deger, elini
uzatjak ýa galdyrjaklar az bolar,
basyp geçjek ýa-da güljek artykmaç,
özüň galdyr gara gumdan başyňy,
bilýän bolsaň mertebäňi, nyrhyňy,
arzan satma özüň, köne-küşül dek,
geçen ýerne, bazarynda batanyň,
döwülme sen döwük-ýenjik içinde,
adam bolan bolup oýnaýan mydam
adamlardan kine etme, zeýrenme,
halamazlar güýçli bolsaň, elbetde,
galyplary kiçi bolsa, sygmasaň,
hile gurar, ýok etjek bor ýeňilen,
dagy näme etsin ýoldaky letde?