Surat

Barly agaç

Barly agaç, barly agaç,
başy aşak günbe-günden,
agram berýär bary oňa,
her gün baryň bir bölegi
gaçýar aşak, ýetmän daňa,
a soň gündiz, ýaşýança gün,
ýelli günler has-da beter,
ýagyşly gün beter ýene,
ýöne barly bolsa agaç,
gaýgy etme, bary ýeter,
ýary ýere gaçsyn, siňsin,
sebäbi ol bary düşüp,
ýeňles bolmaz, agralar has,
barly agaç, barly agaç,
gyşa çenli eder yhlas,
bereketli bary onuň,
şondan hudaý ýary onuň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024