Kanun we adamlar
Everyone is a moon and has a dark side which he never shows to anybody. Mark Twain
Kanun neden işlemeýär diýýärler,
ozal kanun näme, bilmän, öwrenmän,
ulus-ili goramaly özünden,
ili bilmän, ýurdy bilmän düýbünden,
owal-ahyr işlemedik hiç kanun,
iň ýamany bilmän özli-özlerin,
kanun neden işlemeýär diýýärler,
uly, kiçiň aýagasty, düşelen,
haly ýaly, çäreçiler nesline,
kanun nirde öldi diýip soraman,
men öldürdim diýmän ony aslynda,
sen öldürdiň diýmän ony aslynda,
ol öldürdi diýmän ony aslynda,
diýmän ony tutuş millet öldürdi,
gerek wagty, her ädimde goraman.