Surat

Jähenneme giden

Ýagşy tutawergil niýetiň, päliň. Magtymguly

Jähenneme giden ýoldaş agtarar,
tapar hökman özi ýaly batany,
iki gämä, has känine ýapyşyp,
ejir çekýän, özün iýýän gijeler,
gündizine toýa, ýasa gelende,
azaşyp, belki-de niýet, pälinde,
aýyplaýan başgalary öz gelen
petiginiň sebäbine düşünmän,
düzetmäge derek pikirin owal,
sözlerini, agza alýan, kineli,
özge birin, bar baglygy düzedýän,
gybat edýän, zäherleýän obany,
ol omuşyn, bu bumuşyn, ägä bol,
jähenneme giden ýoldaş agtarar,
ýeke gitmez hiç azaşan ol ýere,
bilmez adam öz pälinden tapanyn,
bilmez bilmän nöker bolanyn şere.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024