Ýat mesele
Bu mesele ýaňy-ýaňam
daş ýalydy bizden örän,
habarlary diňläp, görüp,
bu ne beýle, ýerden ýörän
öz ýurdundan gaçýar diýip,
geň galardyk, aman-aman,
indi türkmen bir-birinden
ideg-sorag edýär dynman,
o ýurt näme, bu ýurt näme,
ýa-da nädip aşyp bolar
Meksikadan goňşusyna;
bu mesele ýaňy-ýaňam
ýat ýalydy bize, hudaý,
her näçe ber, ogurlasyn,
başa gelen şonça gedaý,
açgöz boldy, doýmaz, dolmaz,
ýaşdyk ýaňam, diýjek bolsak,
diýerdiler: dur sen, bolmaz,
nebit-gazly ýurdumyz bar,
alla nazar saldy bize,
bir ynsanyň ýüzi solmaz,
indi ýetim ataly-da,
eneli-de, türme watan,
aýtjak bolan, ýene şol heň,
bolar hökman watan satan.