Surat

Döwlet jenaýaty

(CNN) The prosecutor's office said in a statement that it considers former attorney general Jesús Murillo Karam a suspect in "the crimes of forced disappearance, torture and against the administration of justice."

Döwlet jenaýaty açylmaz aňsat,
ýüzläp, müňläp ýok etse-de adamy,
ýapar ony bidöwletler sürüsi,
oturdylan iň esasy ýerlerde,
karam oýnuň iň esasy düzgüni,
ýüzi beki saýlap-seçip her şerde,
ulanarlar ile, hudaýa garşy,
gözi gapyk ýa-da kör bolan bolýan
millet elin çarpyp, gaçyrar arşy,
diňe ulular däl, emýän çaga-da,
düşüner urulsa ýüzüne, ýeňsä,
agysyny keser, busar içine,
jenaýatçy döwlet bolsa, öldürse,
gorkak iller görünmäge üçiňe,
ýa görünse, ünji eder satylar,
bilinýän zat - bilmedik bor bilenler,
kim nirede, haýsy çüňkde atylar,
ýok ediler millet günde, ýuwaşja,
ganhor bilen bir düşekde ýatylar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024