Paskalyň äheňinde
Hüňürdi bu, goşgy diýip düşünmäň,
düşündirjek bolmaň, erkiňiz ýetse,
mesele illeri ynandyrmak däl,
özüňi öçürmek, çykarman tüsse,
näçe ýansa içiň, bagryň, sebäbi
iň soňunda boýun alyp özünden
has köpdügin ökdeleriň, ejiziň,
çykararmyş paýhas ahyr neije,
eger-de ol düşünmese şu zada,
ýa bilmese haçan hemem nirede
öz-özüňe sorag berip dymmaly,
ýa nirede gürlemeli ynamly,
ýa-da haçan asgyn, boýun almaly,
bilýän däldir güýjün paýhasyň asla,
gijem bolsa gaça durup gahardan,
mantyly mantyga goňşy bolmaly.