Surat

Mesele we halk

Hiç meseläň bir tarapy bolmaýar,
ýa bolmaýar diňe iki tarapy;
üç tarapy bolýar meseläň käte,
dört tarapy, on tarapy bolýar oň,
eger millet gara gorka gömülip,
busup ýatsa bir asyr däl, iki däl,
ýa-da gözün ýumsa baky talaňa,
goramaga derek özüni, öýün,
oňa derek gujak açsa ýalana,
iki günlük, geçer diýip gara gün,
öz-özünden, turmasa-da ýerinden,
görmese-de gorkezenin oglunyň,
gyzyn urup, dyzyn urmajak bolsa,
meseläniň bir tarapy bolmaýar,
bilinmeýär düýp özeni, sebäbi,
soramasaň soramaly soragy,
ýok edip ýa çözüp bolmaýar ony,
gözüň açman, hakdan isläp goragy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024