Surat

Eger

Eger seni görmeseler, bar bolsaň,
gara suwa, döwüm nana zar bolsaň,
gözenegiň arkasynda otursaň,
iki gözüň demir gapa ýar bolsa,
ýa ýurduňdan gaçan bolsaň baş alyp,
otly tagan bolup atylan boýna,
sesiň, sedaň eşitmese doganyň,
eşitdirjek bolup azara goýma,
goý gününe özün ýitiren ili,
hemem baryp, dara-dire oturan,
gygyrma, gataltma sesiňi, sedaň,
bolmazmy oýanan birdenkä diýip,
dowam et ýoluňy, bar bolsa ýodaň,
sapak berse dostlar bir-birin iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024