Ölümden öňki aljyraňňylyk

Özüň hakda hakykaty
bile-göre aýdyp bilmän,
aýdyp bilmän açgözlügiň,
bahyllygyň, gün bermeýän,
aýdyp bilmän hakykaty
ataň hakda, eneň hakda,
agalaryň hakda, köplük,
inileriň hakda ýene,
uýalaryň hakda, walla,
(eliň ýetse ezen, talan),
ýa dostlaryň hakda öňki,
kärdeşleriň, duz iýişen,
iki sözüň biri ýalan,
(gülýär olar daşda üýşüp),
aýdyp bilmän hakykaty,
çynçy bolduň nirden bu gün,
çapjak wagtyň agaç aty?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022