Gaçgak hudaý
Ogurlanan ykballary yzlasaň,
türme bilen, uruş bilen, döwletde,
kanunly, kadaly, kagyz ýüzünde,
ilki ýüzüň gyzar utanyp örän,
soň hiç hili many görmän sözünde,
hökümete seredersiň aşakdan,
taýagyny mydam elde saklaýan,
ogurlanan ykballary öwrenseň,
özün kyhlap, ezijini aklaýan,
adama däl, gynanarsyň hudaýa,
belki, utanjyndan gaçan, gizlenen,
ýyldyz bolan ömri zaýa...