Busdy-busdy

Daş-töwerek, meger, möhüm,
ýöne möhüm özüň ilki,
hem özüňe garaýyşyň,
edýän işiň özüň üçin,
ýagşy, ýaman, ýa aralyk,
ýa ýitirýän wagtyň, belki,
gelen ýaly bu jahana
para berip, para alyp,
hemem möhüm başgalara
garaýyşyň, sowuk, yssy,
iň möhümi, meger, munda
oýnamazlyk busdy-busdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024