Kitap we il
Her garry adam ýogalanda, tutuş bir kitaphana ýere gömülýär. Afrikan pähimi
Kitaphana gerek ile,
kitap ýüki ýetik, dürli,
ýazar gerek, hak sözünde
durýan hatda tutsaň hyrly,
hem okaýan millet gerek,
gelip günde, töre geçip,
gybat edýän ile derek,
kitaplary saýlap, seçip,
kitaby ýok edilen il,
ýa barmaýan kitaphana,
ýa sylamaz ýazaryny,
hak sözünde duran, ölen,
ýere ýegsan eder özün,
her egsigiň bolup guly.